Medeniýet işgärleri gallaçylaryň arasynda

Häzirki wagtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Şu günlerde atyz-meýdanlarda zähmet çekýän kärendeçi daýhanlara, kombaýnçylara, ulag sürüjilere günortanlyk arakesme wagtynda aýdym-sazly çykyşlar bilen olaryň ýadawlygyny aýyrmak, armasyny ýetirmek maksady bilen medeni hyzmat guralýar. Munuň özi galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almak işiniň ýokary depgine eýe bolmagyna düýpli ýardam berýär.
Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda geçirilen şeýle dabarada zehinli aýdymçylar Jeren Amanowa, Arzygül Duşemowa, Geldimyrat Soltanmyradow, Oraz Baýarow, Magsat Meredow, Perman Babajanow dagy öz şirin owazlary bilen çykyş eden bolsalar, folklor toparynyň agzalary Ogulsuraý Arazowa, Ogulnur Kakabaýewa, Bäşim Gaýypow, Geldimyrat Öwezow we beýlekiler joşgunly tanslary ýerine ýetirip, hemmeleriň alkyşyna mynasyp boldular. Şonuň ýaly-da, bu ýerde medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy, kärendeçilere, kombaýnçylara, ulag sürüjilere Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanylan melhem çaý hödürlenildi. Dabarada öňdebaryjy kombaýnçylara, mehanizatorlara, sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Şunlukda bu çäre galla oragyny üstünlikli geçirip, bellenilen sepgitlere abraý bilen ýetilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän gallaçylary has-da gaýratly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
