
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär, ony talabalaýyk guramak babatda ýerlerde derwaýys çäreler geçirilýär. Golaýda şeýle çäre «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda guralyp, ol suwda ägä bolmak meselesine bagyşlandy. Çärede welaýat Suwda halas ediş müdirliginiň başlygy Baýram Myradow, welaýat Raýat goranyşy we halas ediş müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, kapitan Mekan Arazweliýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlar bölümçesiniň müdiri Orazmet Orazmedow we beýlekiler çykyş etdiler. Olaryň aýdanlaryndan görnüşi ýaly, tomus paslynda çagalar dynç almagyň bir görnüşi hökmünde suwa düşmegi halaýarlar. Şonda olaryň örän ägä, seresap bolmaklary zerurdyr. Çagalar rugsat edilmedik, nätanyş ýerlerde suwa düşmeli däldirler. Köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde hem olaryň arasynda düşündiriş işleri alnyp barylmalydyr. Munuň özi çagalaryň saglygyny goramakda, suwa düşmek bilen baglanyşykly hadysalaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available