
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzyň çäklerinde hem täze binalar, desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Olar şäherdir obalarymyzyň görküne görk goşmak bilen birlikde, ildeşlerimize ýaşaýyş, iş, bilim almak, hünär öwrenmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň welaýatymyzdaky şahamçasynyň döwrebap binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem şeýle guwandyryjy wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylarynyň guran bu desgasy kämil derejede ulag sürüjilerini taýýarlamaklyga niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň derwaýys pudaklaryny, şol sanda ulag ulgamyny ösdürmeklige uly goldaw berýär. Şonda bu ugurda öz işine ökde hünärmenleri taýýarlamaklyga hem aýratyn üns gönükdirilýär. Şeýle uly aladalaryň netijesinde ýakynda ýurdumyzyň ugurdaş mekdepleriniň hatarynda, welaýat awtoulag mekdebimiziň täze okuw binasynyň, türgenleşik meýdançasynyň ulanmaga berilmegi ählimizi örän begendirdi. Sebäbi döwrebap enjamlar, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu okuw desgasy ulag sürüjileriniň dürli derejedäki toparlaryny taýýarlamakda giň mümkinçilikleri açýar. Bu ýerdäki okuw otaglary, türgenleşik meýdançasy ýaşlaryň awtoulaglara kämil erk etmegi, ýol hereketiniň düzgünlerini içgin öwrenmegi üçin amatly şertleri döredýär. Biz olardan doly peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň awtomobil mekdepleriniň işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine öz goşandymyzy goşarys.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza gurduryp beren ajaýyp binasy, alyp barýan işimizi has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen çäksiz goldawlary üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available