
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Ýeralma soňky ýyllarda ýurdumyzyň, şol hatarda welaýatymyzyň çäklerinde has köp öndürilýän oba hojalyk önümleriniň birine öwrülýär. Bu onuň bazar bolçulygyny döretmek, halkymyzyň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, berilýän goldawlaryň netijesinde ýeralmanyň ekilýän meýdanlary has giňeldildi, ýygnalýan hasylynyň mukdary artdyryldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da welaýatymyzda jemi 8800 gektar meýdanda ýeralmanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilip, bu babatdaky işlere öz wagtynda girişildi. Munuň özi onuň ekişiniň, ideginiň talabalaýyk amala aşyrylmagyna, ekinleriň kadaly ösmegine, hasyl toplamagyna ýol açdy. Häzirki wagtda şol ýerlerde ýadawsyz zähmet çeken ekerançy daýhanlaryň yhlasynyň ýerine düşendigi aýdyň görünýär.
Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzyň Akdepe etraby ýeralmanyň has köp ýetişdirilýän ýerleriniň biri bolup durýar. Berlen maglumatlara görä, şu ýyl etrap boýunça 3340 gektar meýdana ýeralma ekip, ondan 48160 tonna ýokary hilli hasyl öndürmek barada meýilnama kabul edilip, bu işi daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň ençemesinde berjaý etmek bellenildi. Olaryň hatarynda «Şabat» daýhan birleşiginde 450, N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde 272, «Ak altyn» daýhan birleşiginde 245, daýhan hojalyklarynda jemi 968, şol sanda «Zehin açary» daýhan hojalygynda 626 gektar meýdanda ýeralmanyň ekişi geçirilip, onuň kadaly gögerişi gazanylypdyr hem-de ekinleriň ideg çäreleri göwnejaý ýola goýlupdyr. Şonuň netijesinde etrabyň hojalyklarynda ýeralmanyň bereketli hasyly kemala getirilipdir.
Şunlukda, etrabyň ekerançylary häzirki wagtda ýeralmanyň ýygymyna girişip, bu möhüm çäräniň depginini barha güýçlendirýärler. Olaryň köpüsiniň bu babatda ýeterlik tejribesiniň bardygy, bu işe öňünden hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmekleri işiň öndürijilikli alnyp barylmagyna ýardam berýär. Bu bolsa atyzlardaky bereketli hasylyň çalt hem-de ýitgisiz ýygnalyp alynjakdygynyň nyşany bolup durýar.
— Şu ýyl öz gözegçilik edýän 1 gektar meýdanyma irki möhletlerde ýeralma ekip, oňat gögeriş aldym — diýip, etrabyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Feruz Jumabaýew gürrüň berýär: — Häzirki wagtda ýeralmalarymyz birkemsiz ýetişdi. Bu meniň maşgala agzalarym bilen agzybirlikli çeken zähmetimiň ýerine düşendigini aňladýar. Nesip bolsa, ýakyn günlerde ýeralmalary ýygnap alarys. Bu önümi kemala getirmek köp zähmet talap edýär. Ýöne ýeralma has bereketli ekinleriň biri hasap edilýär. Şu möwsümde-de harmanymyzyň uly boljakdygyna ynamymyz bar.
Daýhan birleşiginde şu ýyl kärendeçileriň 180-e golaýy ýeralma ýetişdirmek bilen meşgul bolupdyr. Olaryň birnäçesiniň ekin meýdanlaryndaky hasyla nazar aýlanyňda, hasyl ýygymynyň barşy bilen tanyş bolanyňda, şu ýyl öňlerinde goýan maksatlaryna abraý bilen ýetjekdiklerine, etrabyň ýeralma harmanyna saldamly goşant goşjakdyklaryna ynanýarsyň.
— Şu ýyl ýeralmaçy kärendeçilerimiz has hem gaýratly zähmet çekip, bol hasyl ýetişdirdiler — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni Zarifbaý Mätnazarow aýtdy: — Olaryň bu ugurda alyp barýan işlerini göreniňde, guwanjyň artýar. Hasyl ýygymy bolsa, beýleki daýhanlar ýaly, ýeralmaçylar üçin hem aýratyn ýakymly möwsüm bolýar. Çünki onda esli wagtyň dowamynda çekilen zähmetiň netijesi kesgitlenilýär. Biz hem kärendeçi daýhanlarymyzyň her biriniň üstünligine guwanýarys, olara derwaýys ýardamlary berip, has ýokary netijeleri gazanmaklaryna goşant goşýarys. Hemmämiziň agzybirlikli zähmetimiz birleşigimiziň ýeralma öndürmekde ýokary sepgitlere ýetmegine, il-günüň saçagynyň berekediniň artmagyna gönükdirilýär.
Etrabyň «Şabat» daýhan birleşiginde-de ýeralma ýygymyna öňdäkileriň hatarynda girişilendigini aýtmak gerek. Häzirki döwürde bu hojalykda ol ýokary depginde dowam edýär. Daýhan birleşiginiň daýhanlarynyň köpüsi göwnejaý hasyl ýetişdiripdirler. Muny Jorabek Hudaýbergenow, Timur Tahirow ýaly kärendeçileriň meýdanlarynda anyk görüp bolýar. Şu we beýleki kärendeçileriň hasyl ýygymyna başlamak bilen, möwsümiň ahyryna çenli ýokary netijelere garaşýandyklaryny-da bellemek bolar. Nygtap geçişimiz ýaly, ýeralma ýygymy hem diňe bir ony ýetişdirýän daýhanlar däl, eýsem, ähli adamlar üçin hem aýratyn gyzgalaňly, ýakymly döwür bolýar. Çünki ol hemmeleriň saçagynyň berekedi, bazarlardaky bolçulyk bilen berk bagly. Şoňa görä-de, welaýatymyzyň bu ugurda zähmet çekýän daýhanlarynyň amala aşyrýan işleri aýratyn guwandyrýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available