
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alşyň ikinji tapgyry dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny sapaly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Merkezde guralýan aýdym-sazly dabaralaryň, dürli görnüşli sport bäsleşikleriniň baý many-mazmuny bagtdan paýly çagalaryň durmuşynda täze bir sahypany açýar. Merkeziň kitaphanasynda çagalar goşguly, gyzykly ertekili kitaplary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Şeýle hem bagtyýar çagalar üçin welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, kitaphanalara, seýilgählere gezelençler guralýar. Tomsuň sapaly günlerinde bu merkezde dynç alýan bagtyýar çagalaryň wagtlaryny, şatlyk-şowhunly, gyzykly geçirýändiklerini olaryň şadyýan, nurana ýüz-gözlerinden, gülki seslerinden hem aňmak bolýar.
Golaýda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň, çagalar we ýetginjekler tans, aýdym-saz we çagalar tans gurnaklarynyň höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar guraldy. Höwesjeň aýdymçylaryň şirin owazly nagmalarynda parahatçylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýar çagalygyň, halkymyza döwletli döwrany peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy ýetirildi. Ýaş ýetginjekleriň we bagtyýar çagalaryň päk kalplaryndan joşup çykan owadan aýdymlar döwre buýsanjyň beýanyny doly açyp görkezdi. Bagtyýarlygyň mukamy bolup joşan ajaýyp aýdymlar dynç alşy sapaly geçirýän çagalara ruhy lezzet paýlady.
Höwesjeň aýdymçylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly aýdymy hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallygyň waspy bolup ýaňlandy hem-de dabaranyň jemlenmesine öwrüldi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available