Halypanyň üstünligi

Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, gadymy Horezmiň külalçylyk, nakgaşlyk sungatyny gaýtadan dikeltmekde welaýatymyzda, umuman, ýurdumyzda tanymal küýzegär we nakgaş Bagtyýar Hojanyýazowyň eserleri birnäçe gezek ABŞ-da, Eýranda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda guralan halkara sergilerde görkezildi. Onuň iň gowy işleri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde goýuldy.
Bagtyýar Hojanyýazow 2018-nji ýylda Türkmenistanyň halk çeper döredijiliginiň ussasy diýen ada, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Şa serpaýyna mynasyp boldy. Milli külalçylyk senedini ösdürmekde abyrsyz işleri amala aşyran Bagtyýar aga Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bagtyýar Hojanyýazowyň Russiýa Federasiýasynyň Çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabarada halypa keramikaçy Bagtyýar Hojanyýazow milli senetçiligimizi ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
