Wagyz-nesihat çäresi

TZB-niň, TGÝMJ-niň welaýat bölümleriniň hem-de welaýat inçekesel hassahanasynyň bilelikde guramagynda zenanlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we inçekeseliň öňüni almak boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde geçirilen çärä bilim işgärleri gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan lukman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ilkinji nobatda, halkymyzyň saglygyny goramak, berkitmek, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, kämil ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygy, şeýle hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda alnyp barylýan gaýragoýulmasyz işler dogrusynda nygtap geçdiler.
Çäräniň dowamynda halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdyldy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
